- gysymlamak
- işlikEliň bilen gysyp tutmak, gysymyň bilen gysyp tutmak.∙ Ol atlary iliň sürşi ýaly gop berip gyssaman, uýany iki eli bilen gysymlap, ýöne sömelip otyrdy. (L. N. Tolstoý, Saýlanan eserler)∙ Bir aýagy mesili, bir aýagy ýalaňaç, goşasyny gysymlap, hasanaklap daş çykdy. Gapydan gelen Aşyr sesini çykarman, Artygyň düşeginiň ýanynda çöküp, onuň elini gysymlady. (B. Kerbabaýew, Aýgytly ädim)
Türkmen diliniň düşündirişli sözlügi. 2015.